|
Ýol kes
Esasy sahypa » 2011 » Noýabr » 09 » Ýaşlyk geçen galalar (ertir.com-dan kopiýa)
22:04 Ýaşlyk geçen galalar (ertir.com-dan kopiýa) |
Gadymy Merwde tebigy hadysalaryň, ýel-ýagmyrlaryň ýetirýän zyýanlaryna garamazdan 15 asyra golaý wagtdan bäri saklanyp şu güne çenli belli bir derejede öz durkuny saklap gelen gadymy ýadygärlikleriň biri Gyzlar gala we Ýigitler galanyň gurluşy örän haýran galdyrýar. Bu galalar gyz köşgi we ýigitler köşgi diýip hem atlandyrylýar. Rowaýatlara görä, biri-birinden o diýen daş bolmadyk şol köşkleriň ulusynda peri sypatly gyzlar ýaşan bolsa, kiçisinde hem öýlenmedik gerçek ýigitler ýaşapdyr. Olardan kimde-kim alma zyňyp gyzlaryň köşgüne ýetirse, şol hem ol ýerden islän gyzyny saýlap, gelinlik üçin alyp bilipdir. Hut şu şert hem soňra, şol döwrüň özboluşly ýaragy bolan sapanyň döremegine sebäp bolanmyş. VI – VII asyra degişli diýip hasaplanylýan bu gadymy ýadygärlik, şol döwürde hanlaryň, serdarlaryň, şäheriň gözelligi hem-de edermen, mert ýigitleri saýlamak maksady bilen gurduran bolmagy mümkin. Gyzlar köşgi, göwrümi boýunça Ýigitler köşgünden ep esli uludyr. Onuň dörtgyryň binýadynyň daşky ölçegi 37 * 43 metre beýikligi hem 15 metre barabar bolup, diwarlaryň daşýüzi dört tarapda-da özboluşly egme gasynlara salnyp örülipdir. Ýokardaky az-kem çürelip gidýän we hersi bir kuwwatly direg sütünini ýatladyp duran şol gasynlaryň umumy sany uzyn taraplarda 22-ä, kete diwarlarda hem 18-e ýetýär. Diwarlaryň gasynlar bilen bilelikdäki galyňlygy iki metrden geçýär. Olaryň gurluşygy üçin 34358 sm ölçegdäki çig kerpiçler ulanylypdyr. Ymaratyň esasy gasynly binasy ýerden 4 metre çenli belentlikde ýerleşýär. Arheologik maglumatlara görä, bu köşk jaýlarynyň ikisi-de tä mongol basybalyjylarynyň getiren elhenç weýrançylyklaryna çenli ulanyşda bolupdyr. |
Goruldi: 1360 |
awtor: mirasymyz
| Рейтинг: 0.0/0 |
|
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar
Jemi agzalar 1 Myhmanlar 1 Online agzalar 0
|