Sişenbe, 17.06.2025, 19:34
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Noýabr » 18 » Zelili
17:49
Zelili
PANY JAHANYÑ

Zeyin edip, gulak asyp otursaň,
Teperrüç işi köp pany jahanyň,
Kimse horram bolup, kimseler nâşat,
Yuwurdynda nyşan galmaz kimsäniň.

Kim tapmaz iyere bir lokmayy-nan,
Kimseler hoş geçir, sürerler döwrân,
Nazar etseň, bolar akylyň hayran,
Yzy üzülmez geçip baran kerweniň.

Etraoyňa duzak gurar, hile eder,
Duzagna bal çalar, agzyn höl eder,
Güzerine däne döker, âl eder,
Ynanma alyna loly dünyäniň.

Niçäni geçirmiş bu jay, bu ülke,
Yene bir niçäni geçirer belke,
Dayanmagyn mala, guwanma mülke,
Ayyrlar mal-mülkden, gazan imânyň.

Gapyl yatma, her säherler bol bidâr,
Jeset içre jana yokdur ygtybar,
Sanagly gadam bar, hasaply dem bar,
Hasap dolsa, gider amanat janyň.

Yoldan âzyp, hak emrini unutsaň,
Nebse uyup, mala haryslyk etseň,
İşiň puçdur, eger imânsyz ötseň,
İmân bilen ötseň, galmaz armanyň.

Zelili diyr, bildigiňi söylegin,
Gayym bol diniňe, yhlas eylegin,
 Ahyret esbabyn munda şaylagyn,
Bolmasyn magşâr gün anda puşmânyň.
Категория: Edebiýat | Goruldi: 522 | awtor: Turkmenkyzy | Рейтинг: 0.0/0
jemi pikirler: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0