Duşanbe, 20.05.2024, 01:25
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Noýabr » 13 » Futbol (football)
12:02
Futbol (football)
Angliýanyň "Premýer” ligasynda ýeňil­mezek "Mançester Siti” myhmançylykda
"Kuins Park Reýnjersi” Jeko (43), Silwa (52) we Ýaýa Tureniň (74) gollary bilen 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Toparyň şäherdeşi "Ýunaýted” bolsa öz meýdançasynda "Sanderlandy” kabul et­di. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 45-nji minutda "Ýunaýtediň” öňki oýunçysy Wes Brown öz toruna goýberdi. Şeýlelikde, "Ýunaýtedde” işläp başlanyna 25 ýyl dolan Ser Aleks Ferguson üçin öňki futbolçysyndan uly sowgat boldy. Şeýle
netije "Blekbern” bilen "Çelsiniň” arasyn­da-da hasaba alnyp, şol goly-da Lam­pard derwezä gönükdirdi. "Arsenal” öz
meýdançasynda "West Bromwiçiň” toru­na jogapsyz 3 pökgi (Wan Persi, Werma­len, Arteta) girizip, 3 oçkony gazandy. Li­gadaky başga ýeňlişsiz topar "Nýukasl” "Ewertondan” 2-1 hasabynda üstün çyk­dy. Ýeri gelende aýtsak, indiki tapgyrda "Mançester Siti” öz meýdançasynda "Nýukasly” kabul eder.

Ispaniýanyň "La Ligasynda” sanawyň li­deri "Real Madrid” "Osasunany” 7-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Madridlileriň doly artykmaçlygy bilen geçen
oýunda ýer eýelerinden K. Ronaldo (23, 54 p, 58), Benzema (63, 81), Pepe (34) we Higuian (40) tapawutlandy. "Barselona” myhmançylykda Bilbaonyň "Atleti­gi” bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oý­nap, 2 oçkony ýitirdi. Ýagyşly geçen oýnuň 90+2-nji minutynda goragçylaryň
ýalňyşlygyndan peýdalanan Lionel Mes­si hasaby deňläp, toparyny ýeňlişden halas etdi. "Walensiýa” bolsa liganyň
sýurpriz topary, şäherdeşi "Lewanteni” 2-0 (Hawi Wenta 31 ö.d, Tino Kosta 50) hasabynda ýeňdi.

Категория: Sport | Goruldi: 595 | awtor: Kaspersky | Рейтинг: 3.0/2
jemi pikirler: 4
+1  
1 TÜRKMENTUG   (13.11.2011 13:05) [Tema]
sagja bol dost.gaty gyzykly maglumatlar.

+1  
2 Kaspersky   (13.11.2011 19:27) [Tema]
sizem sagbolun! Sizdenem garashyas bet temalara :-)

+1  
3 mirasymyz   (13.11.2011 20:46) [Tema]
Düýn Aangliýa bilen Ispaniýa ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi, Angliýa Frank Lmpardyň salan goly bilen 1-0 ýeňdi.

0  
4 Kaspersky   (14.11.2011 00:34) [Tema]
ohow ana tazelik :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0