Duşanbe, 20.05.2024, 00:49
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Noýabr » 5 » G.Ezizowyñ go$gylary.
08:46
G.Ezizowyñ go$gylary.
Entek sadalykdan zyýan çeken ýok
sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.
geçsin ýazlaryňyz hereket bilen
bereketli gelsin tylla güýziňiz

Törüňizde hemişelik guralan
yumşak sallançagyň yatmasyn bady
saçagňyzda çörek, duz haltada duz,
sönmesin ojakda ojaryň ody.

Duluňyzdan gelin baksyn aý bolup
tüýnüňizden gelin bolup aý baksyn
ýaman niýet bilen işikden giren
ýagşy niýet bilen işikden çyksyn
.

Категория: Edebiýat | Goruldi: 10163 | awtor: Fanat | Рейтинг: 5.0/3
jemi pikirler: 20
+4  
1 Fanat   (05.11.2011 08:47) [Tema]
Seni söýdüm. Söýüp bir gez
beýgeldim
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldym
Öz durmuş ornyma indi düşünýän.

Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim
Kyn pursatym medet berdi kalbyma
Jadyly däl-seniň ynsan gözleriň

Kim men? jogap tapman şu günlere
çen
Seni söýüp kimdigimi bildim men
Ýeňil gopdym başymdaky öýme dek
Diýdim “Ejiz bu dünýäni
söýmmedik”

Seni söýüp göz ýetirdim bir zada
Kynçylyk ýok
Ejizlik bar dünýäde.

+3  
2 Fanat   (05.11.2011 08:48) [Tema]
Men seni söýäýdim söýäýdim öýdýän
Sen maña bir hilli ýowuz görünýäñ
Men seniñ ýanyña baryp bilemok
Hem oñup bilemok saña görünmän.

Men seni söýäýdim söýäýdim öýdýän
Sen meniñ elimden gidäýjek ýaly
Juda uly saýyp ýören bu bagtym
Birden iññä dönip ýitäýjek ýaly

Men seni söýäýdim söýäýdim öýdýän
Göwnüme sen meni söýmeýän ýaly
Bu zatlary nädip saña aýdyp bor
Nädip duýdurup bor agyr ahwaly!

+3  
3 Fanat   (05.11.2011 08:48) [Tema]
Mahal-mahal seniň münlerçe
gÖren,
Ýene-de müňlerçe görmeli zadyň,
Ýakýar ýüregiňde seni beýgeldýän,
Tämizleýän duýgyň görünmez
odun.

Şapakdan ot alýar baglaryň başy,
Ýoda gijä tarap uzalyp ýatyr.
Dagdan taýyl gelen awara şemal
Otuň hem meýdanyň ysyny getir.

Ikatýok ýaşyňy sanar oturar,
Diňe şol ykbaly çözýän mysaly.
Şu adaty zatlar şat eder seni,
Adatdan daşary gözellik ýaly.

Erte ýene daň şapagy doganda,
Geň galyp bakarsyň güwleýän
oda.
...Özüňi bagtly saý bir ajap
pursat,
Sen begenip bilseň, adaty zada.

+3  
4 Fanat   (05.11.2011 08:49) [Tema]
Oñarsaň,
bar zady oňatlyga ýor.
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer.
Ikibaşdan, gündogarda gün
dogar,
Ikibaşdan, gunbatarda gün ýaşar.

Ikibaşdan, ýigreniler, söýüler,
Kimse ýere gider, kim dörär ýerden.
Ikibaşdan, biziň köne duýgular,
Köne ýaralar dek açylar birden.

Köne duýgularmyz şatlyk mysaly,
Bir ajap säherde gül bolup dogar.
Oňarsaň oňat tut köňülde päli,
Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor.

Ýaramaz düýş görüp, ýörme
dumanda,
Ýaramazlyk bolmasa seň küýüňde,
Hanha, ýyldyz süýndi gitdi
asmanda
Çaga dogdy goňşymyzyň öýünde.

+4  
5 Turkmenkyzy   (05.11.2011 08:58) [Tema]
ÝAŞLYK

Gazaply kazy deý, mydam  başymda
Sagat çot kakyp dur  şyk-şyk-şyk.
Düýnuň özem garaşýardym ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk»

Bir  zada  düşünýän;
                             şowhunly  günler
Al  atymy çapyp  ýören haladym,
Öňümden  çykana  gül  ýaşlygymy
Hormat  ezdip,  sowgat  kimin   paýladym.

Jomartlygym   üçin   «sagbolsunlara»
Ýüzüm  göge  tutup  göçer  ýörerdim.
Ýaşlygymy   gerekmejek   dostlara
Hem   boş  söhbetlere   seçer   ýörerdim.

Öwgülerden humar bolup, gijeler
«Alyň!»   diýip,   kişiň gapysyn kakdym.
Ýaşlygmy  gül  edip,  jomartlyk  bile,
Söýmeýän   gyzlarmyň   döşüne   dakdym.

Men- ony  boş  gijelere paýladym.
Men ony
Boş   gürrüňlere   paýladym.
Ine, bu gün uly döwletden galan
Köpüklermi   ahmyr   bilen  sanadym.

Neçün  beýle  bolýar?   Ilki  ýalňyşyp,
Soňra  ökünç   bile egilip  ýörüs!
Jaýymyzy   çilim   çekip,  tüsseläp,
Soňra  tüssämize bogulyp ýörüs!

Ah,  bu gün  säherem  şeýle bir çytyk,
Bolaýmagy   mümkin   tüýs  ýagyşly   gün.
Ýaşlygymyz  ýitirenok hiç  zady,
Biz  özümiz ýitirýäris ýaşlygy... 

 Gurbannazar Eziz

+4  
6 Turkmenkyzy   (05.11.2011 08:59) [Tema]
ÖZ SÖÝENMIZ ÜÇIN.....

Öz  söýenmiz  üçin   hemmämiz  jomart!
Biz  bu  dünýä öýe kimin garýarys.
Iň  gymmat,
In  zerur,
Gözel   zatlary
Alýarys-da   ýare   sowgat  berýäris.

Bütin  Ýeri   sowgat   berýäs  gyzlara,
Onuň  minaradyr  şäherlerini,
Onuň  al  şerap  deý  iňriklerini,
Dumanly-dumanly   säherlerini.

Soňra   ýyldyzlary,
Deňiz-derýany,
Soň kellämiz  gyzyp  gidiberse has,—
Aýy iki ýaryp zergär mysaly
Ondan  ýara   gulakhalka  ýasaýas.

Emma  bize  ýeň  berenok  eneler:
«Biz-ä asyl boş  sözlere düşemzok;
Asmanyň  ýyldyzyn   kakanyň  bilen
Olar ýere teňňe bolup duşenok.

Aý diýýärler,
Deňiz-derýa  diýýärler,
Tapanlarny   jomartlarça   seçýärler,
Emma   ujypsyzjä   galyň   tölemän,
şagal  deý   alyp   gaçýarlar...»

 Gurbannazar Eziz

+4  
7 Turkmenkyzy   (05.11.2011 08:59) [Tema]
BAGT

Gije-gündiz  gyrmyldap  ýör  aýalmyz.
Bize  ýylgyrmaga  degenok eli
Biziň  weli,   başga  ýerde   hyýalmyz,
Başy  boş  dullara  gowşurýas  güli.

Göwnüňe   bolmasa,   şol   dul   aýalyň
Bu  däli   göwüne   mähri   kän   ýaly.
Unudýaň  ýagyşda  buýup  durýanyň,
Unudaýýaň   oňatlygy   käýarym.

Aýalymyz  suwaryp   ýör   gülleri,
Ýuwýar,   serýär   çagamyzyň   arlygyn,
...Bagta   garaşýarys on ýok  günleri,
Bagtly  günler duýamyzok  barlygyn.

 Gurbannazar Eziz

+3  
8 Turkmenkyzy   (05.11.2011 09:02) [Tema]
Dünýede her  kimiň öz gylygy bar,
Oňatlary   saýlap-seçgin — diýdiler.
Edep-sypaýçylyk   adamy   bezär,
Mydam  gödeklerden  gaçgyn— diýdiler.

Diýişleri  ýaly,  gaçdym-da   ýördüm,
Gödekligem   meni   kowlap   ýörmedi.
Ol  öňümden  çyksa,  ýüzüm  öwürdim,
Oň  nä  derdi — asyl   gaty   görmedi.

Sypaýy diýlenler  bolýar  her  hili.
Juda   sypaýylar   daşym   aldylar.
Duýman  durka,  kastlary  bar  ýaly,
Sypaýlygmyň   dulugyna   çaldylar.

Sypaýçylyk      bilen  hormat etdiler.
Sypaýçylyk      bilen adym tutdular.
Sypaýçylyk      bilen   arzan  satdylar.
Sypaýçylyk      bilen  etdiler   baryn.

Soň ýene diýdiler  ýanyma  gelip,
Mert ýigide  näzik  bolmak  ýaraşmaz.
Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk,
Ajyň   ýokmy — süýjüňe-de   garaşmaz.

Eýsem,  ýaranjaňlyk,  öz   külbäň   küýi,
Göriplik   hem   juda-juda   küteklik
Ýaly   gylyk-häsiýet  duş   gelýän   güni
Iň   ýaramaz   gylykmydyr   gödeklik?!

Baş  çykarmak  gerek   şeýle  gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä  pyçak  sokýan   sypaýçylykdan,
Tumşugyňa   kakýan   gödeklik   ýagşy.

Eý, siz,  sypaýylar,  men   taýa   bakan
Gelmäweriň  leşger   çekip,   dökülip,
Ýaşasyn   hak   üçin   gulakdan   çekýän,
Göni göze  bakýan sagdyn  gödeklik!

Gurbannazar Eziz

+3  
9 Fanat   (05.11.2011 09:06) [Tema]
Berekella Turkmenkyzy.

+3  
10 Turkmenkyzy   (05.11.2011 09:10) [Tema]
(Menem söýdüm …)

Menem   söýdüm  söýülmedik juwany,
Menden başga bagtly baryn bilmedim,
Ýöne mydam Aý  astynda dostlarmyň
Söýgi  hakda söhbetini diňledim.

Menem  bagtly  boldum  ýagty dünýäde,
Menden başga  bagtly baryn bilmedim.
Ýöne ot  başynda  dünýäni undup,
Bagtlylaryň  söhbetini  diňledim.

Ýok,  men  muny  bilgeşleýin  edemok,
Adamlara   gulak   asman   bilmedim.
Begendim, gynandym, söýdüm, ýigrendim.
Elmydama   özgeleri   diňledim.

Indi   bilenimden   ýazýaryn   aýdym,
Öz-özümden   monça   bolýan,   ýeňleýän,
Ýöne  sähralara  çykamda,  ýene
Özgäň  düzen   aýdymyny  diňleýän.

Gurbannazar Eziz

+2  
11 Turkmenkyzy   (05.11.2011 09:13) [Tema]
Wi bu goşgy bar ekenâ!!! P bagyşlanñ!!!!!

+2  
12 Turkmenkyzy   (05.11.2011 09:14) [Tema]
O smaylyk yalnyś gitdii

+2  
13 Turkmenkyzy   (05.11.2011 09:19) [Tema]
Gysgaça ömür döredijiligi (1940-1977)
 
Geçen asyryň ikinji ýarymynda özboluşly talanty bilen gysga ömründe türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyrmagy başaran şahyr Gurbannazar Ezizow Aşgabat etrabynyň Büzmeýin obasynda 1940-njy ýylda eneden bolýar. Ol 29-njy orta mekdebi tamamlap, Türkmen Döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Gurbannazar on bäş ýaşyndaka, onuň ilkinji goşgulary çap edilip başlanýar. Döredijilige ýaşlykdan bütin durky bilen berlen G. Ezizow uniwersiteti tamamlansoň, çagalar neşirýatynda, soňra “Edebiýat we sungat” gazetinde, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde işledi.
 
Ol iň köp okaýan şahyrlardandy. Mydama gözlegdedi. G. Ezizowyň döredijiligine täzeçillik, az sözlülik, çuň many-mazmunlylyk, özboluşlylyk, kapyýa (içki sazlaşyk, bogun sazlaşygy, äheň sazlaşygy) mahsusdyr.
 
Ol redif, refren, omonik rifmalar, setiriň başyny ritmalaşdyrmak, içki ritmi güýçlendirmäge köp üns berdi. Türkmen edebiýatyny täze forma we mazmun bilen baýlaşdyrdy. G. Ezizow ýüzlerçe täzeçil, gowy goşgular bilen birlikde türkmen edebiýatynda ilkinji bolup “Sönetler çemenini” döretdi. “Daş gyz”, “Pikir derýasynda akyl gämisi”, “Söýgi”, “Güýz” poemalaryny, “Nesiller”, “Uruşdan soň”, “Tabyt” dramalaryny, “Görogly” şadessanynyň librettosyny ýazdy.

+1  
14 Yolkes   (05.11.2011 09:25) [Tema]
Sagboluň, Fanat we Turkmenkyzy. rose rose rose

+1  
15 gozelgyz   (05.11.2011 10:34) [Tema]
Men özumi ayamadym hic yerde,
gaygyda,hesretde $atlykly gùnde.
Aglamda gen galdy terkidunyaler,
bagtlylar gen galyp bakdy gùlemde.
==
söyemde sheyle bir yurekden söydum,
onun bir öyjuginem bo$ goymadym men,
adam söysem,kimligine garaman
söydùm ùstunligi yetmezi bilen.
==
mana bolsa "beydip yörme"diydiler,
"senin bu bolsuna diyerler tentek.
Sen entek ya$ ahyr,sana gor gerek,
senin bar geljegin önunde entek"
==
men özumi ayamadym hic yerde.
Gorum gutarar diyip etmedim muyni.
Kä söyenim ucin urdular meni,
kä gazabym ucin söyduler meni
==
haýyr i$ler ucin tayyarlyk boldum,
$er i$in tersine goydum men $eri.
Son görup otursam,gutaryan eken
dine berilmeyan zatlaryn gory.
==
dine söymeyanlen,köymeyanlerin
özgäni beygeltjek ajaýyp syry,
bir gyzyl manat dey gizleyanlerin
gutaryan ekeni yurekde gory.
==
men özumi ayamadym hic yerde,
özumi bag$ etdim özgeler ucin.
Dogry,kate azar beryar yuregim,
oñam ba$ga zatdan bolmagy mumkin.

+1  
16 gozelgyz   (05.11.2011 10:39) [Tema]
Sen geldin-de
garyp könlum bay etdin,
yöne,
namucindir
ynjalygym yok.
Sen mana bagt berdin öran ullakan
ony nadip gorajagymy bilemok.
==
yöne
säher-säher bagtymy öpup,
göryan öz-özumi senin gözunde.
Herhal,yolda yatan da$ dal ekenim,
artyk dal ekenim yerin yuzunde.

+1  
17 bibisara   (05.11.2011 12:14) [Tema]
men seni soyyaydim..... Diyen gosgy ezizizowynky dal l atatamyrat atabayewynky

+1  
18 Abat   (05.11.2011 15:47) [Tema]
Menin gowy göryan $ahyrlammyn biri G.Ezizow

+1  
19 Kaspersky   (05.11.2011 17:03) [Tema]
rose :OK: GOWY GOSHGYLAR YETIRDINIZ, kop sagbolun!!!!

+1  
20 student3   (05.11.2011 21:16) [Tema]
ura [color=blue][size=12]

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0