Duşanbe, 20.05.2024, 04:29
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Dekabr » 31 » Mollanepes "Söwdügim"
03:24
Mollanepes "Söwdügim"
essalowmaleykum hormatly agzalar! Hemmanizi ýetip gelen täze ýylynyz bilen gutlaýaryn!
Shu taze ýyl gununde size Mollanepes shahyryn "SÖWDÜGIM" shygyryny yetirmekci:

Husnuň haznasy berpadyr
Ýagty jahana, söwdügim.
Saçyň saklaw aždarhadyr
Ol genji-käne, söwdügim.

Derýalar men kimin daşmaz,
Ýüzüň dolan aýdyr, ýaşmaz,
Owal-ahyr gözüm düşmez
Sen dek jenana, söwdügim.

Gury agaç men deý ýanarmy?
Synamda oduň sönermi?
Ýar - senden köňlüm dönermi,
Dönse zamana, söwdügim.

Dost bolan köňle güýtmezmi?
Aşyk myrada ýetmezmi?
Magşuk bolan rehm etmezmi-
Bu köýen jana, söwdügim.

Eý zülpi syýa, ýüz para,
Arzym budur sen dildara.
Kylma syryňny äşgäre
Ýagşy-ýamana, söwdügim.

Gije bakmasam ol ýüze,
Kararym ýetmez gündize,
Taý geler sen hemme gyza,
Ýüz müň janana, söwdügim.

Gamzaň oky tenden ötdi,
Bardy, şirin jana ýetdi,
Käpir gözüň talaň etdi
Nury-imana, söwdügim.

Çekilip gaşyň gylyjy,
Jigerim kesdi bir ujy,
Ol sebäpden göz göreji
Gark boldy gana, söwdügim.

Misli badam gabaklaryň,
Gül ýapragy dodaklaryň,
Ogşaýyr ol ýaňaklaryň
Ter gülüstana, söwdügim.

Ir säherden zülpüň darap,
Gün bilen dogduň ýaldyrap,
Gyýa bakyp, gülüp garap,
Goýduň armana, söwdügim.

Nepes diýer, budur sözüm,
Zulmuňdan soldy gül ýüzüm,
Bir zaman aýrylmaz gözüm
Senden bir ýana, söwdügim.
Категория: Edebiýat | Goruldi: 752 | awtor: Kaspersky | Рейтинг: 0.0/0
jemi pikirler: 3
+1  
1 Kaspersky   (31.12.2011 14:52) [Tema]
kiss bilyan hemmaniz bashagaysynyz, agshamyn aladasyndasynyz, taze ýyly gowy garshylan dostlar! kiss

+1  
2 1merdan   (31.12.2011 15:29) [Tema]
+ sag bol dost şeýle goýsaň boldygymy

0  
3 Kaspersky   (01.01.2012 19:48) [Tema]
yashylja bolup duran + bardyr oz yazanyn yokarsyndaky teswirde/ ( ilin teswirine + goyup bolya)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0