Sişenbe, 17.06.2025, 19:57
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Noýabr » 28 » Gelin barada
13:01
Gelin barada
Ýok gizlejek bolyp meýilem etme,
Men buny bilýänem,öňdenem aňýan
Ýöne bir gün öziň aýdarsyň öýdip
Bu hakda henizem agzaman oňýan

Belki erkim alan ala gözleriň
Gaharymyň öňine bowet basýandyr
Ýa-da bizi synlap daşardan biri
Hol gapa bukynyp gulak asýandyr.

Iň esasam öz ýanymdan ilki men
Soňra öwrenşerler çöziler towlar
Ene –ene bilen ysnyşar hökman
Sowyk duýgularam şemala sowlar

Diýip tama etdim pikir eýledim
Käte seniň tarapyňam çaldym men
Kalbymyň käbesini HALAMAÝANYŇY
Bilmedik,görmedik bolan boldym men

Şeýdip ýyllar geçdi ejem bolsa meň
Barha seýrekletdi bize gelmesin
Eýsem ol çat açan çöken ýüregini
Niçik seýisleslesin, nädip ýelmesin

Ejem indi örän az gelýär bize
Ýöne aýan onyň bizi küýseýşi
Gelni gülip çyksa geljek görgili
Galsada öýinde işi-pişesi

Ejemiň ökjeli tüfli, ýa-da bir atyr
Ýa gyrmyzy hyna bolinýa
Tamakin däldigini öziňeý aňýaň
Ýylda tikdirenok täze dony ýa
Bir kyla hurmany bir ýyla bölip
Bir ýylda müň ýyllyk alkyş aýdany
Henizem ýadymdan çykanok onyň
Oňa dünýä berilendir öýdeni

Ýok hiç zat hantama däl bizden ol
Hoş söz gerek onyň argyn janyna
Balalary ene diýip daň bilen
Gujak açyp barsa bolýar ýanyna

Balam diýip bada basýar bagryna
Şol pursatda tapanok ol kän sözem
Ýaşlyk ody bilen ýagtylyp gitýär
Ak merjen gaçyrýan gubaly gözem

Ene ýüreginiň bu beýik bagtyn
Sen işe güýmenip, görmedik bolýaň
Ertir gaýyn ene, boljak ýaş ene
Gaýyn enä pikir bermedik bolýaň

Gaýyn ene gamly-gamly garaýar
"guwanaýyn balalarym boýňyza”
Sypalaýar körpejämiň gulpagyn
"geleýin men erte uly toýňuza”

Soň ýenede gidiberýär sedasyz
Göwni bizde galýar göwresi ýolda
Näme diýip näme aýtjagmy bilmän
Menem garap galýan gözgyny halda

Bize bu älemi beren enäniň
Näme ýazygy bar?
Näme aýby bar?
Belki sen bilýänsiň düşindir maňa!
Bu dumana dözeýinmen niçezar

Ýok
ÝOK
gizlejek bolyp meýilem etme
Men muny bilýänem öňdenem aňýan,
Ýöne bir gün öziň aýdarsyň öýdip
Bu hakda henizem agzaman oňýan

ýöne men bir zady BILEMOK anyk
gören barmy heý enesiz dogany
GAÝYN ENESINI S Ö Ý M E D I K G E L I N
Söýip bilermikän O N Y Ň ogluny
Ata Atajanow("Men size barýan” kitabyndan)
Категория: Edebiýat | Goruldi: 2084 | awtor: 1merdan | Рейтинг: 5.0/1
jemi pikirler: 2
+2  
1 Yolkes   (28.11.2011 18:50) [Tema]
Sagbol dost, gaty gowy goşgy eken.

+1  
2 mirasymyz   (28.11.2011 18:57) [Tema]
Sagjabol 1merdan. Kän goşgy okap ýörenem däl welin şu goşgyna doly okadym. Heý gelinler gyzlar. Sizem soňňurak gaýnene bolmalysyňyz ýatdan çykarmaň.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0