Çarşenbe, 18.06.2025, 00:33
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Noýabr » 07 » Görmeksiz gyz
02:03
Görmeksiz gyz
ine, barýaň umydyna büdräp , egnin horlugyňa utanyp çala , uzakda orkestor joşup –titräp, tans edýär owadan gyzlary bile .
hor elleriňi çykaraňok ýeňiňden , olar birden ýere ýetäýjek ýaly . geçip barýaň ýigitleriň deňinden , gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.
unudyp bilmän görmeksizje
doglanyň , ÿüregiňde hoş arzuwlar besleýäň.
emma ýigitleriň öz gaýgysy bar : ÿörite ýag bilen saçlaryn darap . olar wagytdanam ozup barýarlar , özleriniň owadan gyzlaryna tarap.
ah, horja gyz ,horluguňdan horlanýaň. saňa hoş söz diýjek ýigit nirede ? bu şäherde näçe diýseň ýigit bar , seni oýe ugradanok biri-de.
gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip , owadan gülüşip ýüregiňe düşýär . olar görmegini artdyrjak bolup . gezegine seniň bilen tirkeşýär.
öýe gelýäň .gyýýar ýüregiňi ünjiň , harasatdan çekilýär iki owurdyň . aglaýarsyň :”ah ,eje jan , name üçin meni beýle betgelişik dogurdyň ?”
emma goňşy gelin –bir görmegeý dul . atasyz ogluna günäli bakýar. hem seniň tersiňe , gussa-gam çekýär; “owadan dogulma ,bagytly dogul “
aglama,gyz! uýajygym gam çekme , bilip bolmaz ykbalyňy öňüňden . bu howlukmaç ýigitlere at dakma . kim gecenok öz bagtynyň deňinden .
käte şeýle bolýar :görkdür –görmek gidip otyr il –içinde at alyp , ÿöne namüçindir ,tylla ýüzük dek . ÿolda.gum içinde galýar sadalyk .
tekepbir bol ,çykyp bolmaz gaýa dek , sada bol, aýlaryň doguşy ýaly . şeýle ýigitler bar (olar bar entek ) sen dek gaýalarda olaň hyýaly !
Категория: Edebiýat | Goruldi: 1107 | awtor: ozik | Рейтинг: 0.0/0
jemi pikirler: 2
0  
1 Turkmenkyzy   (07.11.2011 16:45) [Tema]
Ine, barýaň umydya büdräp ,
Egnin horlugyňa utanyp çala ,
Uzakda orkestor joşup –titräp,
Tans edýär owadan gyzlary bile .
 
 
Hor elleriňi çykaraňok ýeňiňden ,
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly .
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden ,
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.
 
 
Unudyp bilmän görmeksizje doglanyň ,
Ÿüregiňde hoş arzuwlar besleýäň.
 
 
Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar :
Ÿörite ýag bilen saçlaryn darap .
Olar wagytdanam ozup barýarlar ,
Özleriniň owadan gyzlaryna tarap.
 
 
Ah, horja gyz ,horluguňdan horlanýaň.
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede ?
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar ,
Seni oýe ugradanok biri-de.
 
 
Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip ,
Owadan gülüşip ýüregiňe düşýär .
Olar görmegini artdyrjak bolup .
Gezegine seniň bilen tirkeşýär.
 
 
Öýe gelýäň .Gyýýar ýüregiňi ünjiň ,
Harasatdan çekilýär iki owurdyň .
Aglaýarsyň :”Ah ,eje jan , name üçin
Meni beýle betgelişik dogurdyň ?”
 
 
Emma goňşy gelin –bir görmegeý dul .
Atasyz ogluna günäli bakýar.
Hem seniň tersiňe ,
Gussa-gam çekýär;
“Owadan dogulma ,bagytly dogul “
 
 
Aglama,gyz! Uýajygym gam çekme ,
Bilip bolmaz ykbalyňy öňüňden .
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma .
Kim gecenok öz bagtynyň deňinden .
 
 
Käte şeýle bolýar :görkdür –görmek
Gidip otyr il –içinde at alyp ,
Ÿöne namüçindir ,tylla ýüzük dek .
Ÿolda.Gum içinde galýar sadalyk .
 
 
Tekepbir bol ,çykyp bolmaz gaýa dek ,
Sada bol, aýlaryň doguşy ýaly .
Şeýle ýigitler bar (olar bar entek )
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly !
 
Gurbannazar Eziz

0  
2 TÜRKMENTUG   (14.11.2011 09:36) [Tema]
govy go$gy.me$hur go$gy...

Häzirki günde $eýle täsirlije.gowuja go$gular döredilenokmyka?ýa go$ga üns azaldymyka okuýjylarda?beýle bir me$hur go$gulara du$amzok...(S.Niýazov go$gularyny hasaba almanymyzda) :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0