yene-de diydiler: "ulalyp yaşyñ garaja gyl bilen basyrlar döşüñ” "döşüñe bityänçä şol gyl diydiler. günäñi geçerler, ogul!” diydiler. "döşüñe bitensoñ şol gyl diydiler, döşüñe mynasyp bolgun diydiler.”
diydiler: ”dünyäde nämedir gyt zat?”, üç gezek diydiler: "ussat! ussat! ussat!” "naçe gyt bolsada ussat diydiler, çyn şägirt ondanam gyt zar diydiler ”. "öwrenip ilkinji harpy – diydiler, gomalar şägirdiñ galpy! ” diydiler.
yene –de diydiler: "ulamy kiçä öljegñi bilseñde yalbarma kişä! " "diñe bir adama yalbar!” diydiler. onuñam adyna dilber diydiler. "ayyp däl näzini çekmek diydiler nazden yüzün sowan - akmak ” diydiler.
"yene iki merde yalbarmak bolar- diydiler ene hem atadyr olar”. "ataña yalbarsañ galkynar ruhy” "eneñe yalbarsañ kemeler ahy” "kim etse şolara tagzym – didiler, işi rowaç yaşy uzyn diydiler! "
...yene de kän edepleñ tutdular adyn. diydiler: "gabanma özgäñ şöhratyn!” "gabanma zehiniñ ezelliğini!” "gabanma öz jorañ gözelligini!” "gabanma öz äriñ gerçekliğini!” "gabanma öz gelniñ alçaklyğyny!” "ne näzlerin, ne de sözlerin gaban, diñe oynaklatsa... gözlerin gaban!”
diydiler : ”erkekden belenttir ayal!” "o nämüçin ?” diyip berdiler sowal. jogabyn berdiler: "gutaryp ömrüñ yagty dünyä hoşlaşsañ bir gün- ayal är ojağyn saklar – diydiler, söygüñü müñ kerem saklar!” diydiler. "çagalaryn iydir, geydir – diydiler, şeydip yaş ömrünü köydür!” diydiler.
" emma beydip bilmez erkek – diydiler, bu babatda pesdir entek!” diydiler. "altmyşdan, temişden geçse de saly gözlerin yumdumy eziz ayaly – yatdan çykyp wepa ygrar – diydiler, ikinjiñ gözlegne ylgar!” diydiler.
... diydiler, diydiler, diydiler kän zat. käbirisi añsat.köpüsü kyn zat. añsadyn – hemmeler başar – diydiler, kynyn başarmakda iş bar – diydiler. kyn hem bolsa, şudur wesyet – diydiler. diñe kyn zat - şol mukaddes! – diydiler