Çarşenbe, 18.06.2025, 04:22
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Dekabr » 02 » Gündelik maslahatlar
17:39
Gündelik maslahatlar
Gündelik maslahatlar
Radiasiýanyň möçberini
peseltmek üçin iş yeriňizde
kompýuteriň golaýynda adaty
kaktusy goýmak ýeterlik. Onuň
radiasiýa garşy düzümi, çak
edilişine görä, bu ösümligiň kyn
şertlerde ýaşamaga ukyplylygy
bilen düşündirilyär.
Indiki möwsüme çenli deri
önümlerini nähili saklamaly
Derini limon bilen süpürmeli,
soňra gliserin çalmaly we
tomusda şkafda ýygnabermeli.
Mebelde haýsydyr bir gyzgyn zat
goýlandan soňra peýda bolan ak
tegmili egerde ony ösümlik ýagy
goşulan spirt bilen süpürseň
aýyryp bolar. Arassa ýüň mata
bilen sürtmeli, tegeläp aýlaw
görnüşinde, tä tegmil ýitýänçä.
Hrustal, aýnadan gaplar eger-de
olary 2 çemçe sirke we 1 çemçe
duz garylan suwda gowja
çaýkasaň ýenede ýylpyldar.
Penjekleriň şeýle-de beýleki
geýimleriň ýakalary (serpmeleri)
uzak wagtlap geýilenden soňra
kirleýär, ony öňünden suwa eziň
soňra naşatyr spirtinde ezilen
çotgada emaý bilen süpüriň,
soňra ýene-de öl mata bilen
süpüriň.
Täze köwşüň içini sirkäniň 3 %
ergini bilen süpüriň.
Lakly aýakgaplaryň tozanyny
tampon bilen aýyrmaly. Şonuň
üçin tampony süýtde ezmeli we
ýumurtganyň agyny çalmaly,
aýakgap tä ýylpyldaýança
sürtmeli.
Posdan galan tegmili islendik
matadan aýryp bolýar. Munuň
üçin tegmilli ýere hasa ýa-da öl
geçirýän kagyza dolanan limon
bölejigi goýup ütük basmaly.
Eger-de eşige sakgyç ýelmeşip
ony zaýalan bolsa, ony alyň-da
sowadyjyda goýuň ýöne köp
wagtlyk däl, sakgyç gataýança.
Eşikden sakgyjy aňsatjak aýyryp
bilersiňiz.
Eger-de ýaşyl otlary ýuwup,
süpürgiç bilen guradyp, gapagy
jebis ýapylan aýna gapda
sowadyjyda goýsaňyz olar köp
wagtlap saklanar
Eger-de çorba duzly bolsa onda
2-3 sany kartoşkany gyrgyçdan
geçiriň we hasa bilen gaplaň,
soňra çorbada gaýnadyň.
Eger bakja önümleriniň çalt
gaýnap bişmegini isleýän
bolsaňyz, olary öňünden biraz
wagtlap duzly suwda saklamaly.
Kütek pyçagy ýitilemek ýeňil
bolar, eger onuň keserini 1
sagatlap biraz duzlanan erginde
saklasaň.
Pyçaklary beýleki metal
serişdelerinden aýry saklamaly.
Wilkalar olaryň keserini küteldýär
we täzeden ýitilemegi talap
edýär.
Otagda ýakymly ys bolmagy üçin
biraz atyry entek ýakylmadyk
elektro lampa sepiň, az wagtdan
lampany yakyň şol pursatda
otaga ýaňky atyryň ýakymly ysy
ýaýrar.
Gowuran wagtyňda ýagyň az
syçramagy üçin saja biraz duz
sepiň.
Şaý-sepleri barhat bilen ýa-da
mahmal bilen süpürseň amatly
bolýar.Eger wagtyň geçmegi
bilen altyn şaý-sepler we altyn
çaýylan şaý-sepler garalan bolsa
onda olary soganyň suwy täzelär.
Munuň üçin şaý-sepleri soganyň
suwy bilen süpürýärsiňiz, soňra
bolsa guraýança ellemäň. 2 sagat
geçenden soňra suwda
çaýkayarsyňyz we guramaga
goýýarsyňyz.
Äýnegi gliserin bilen süpürseň
bug bolmaýar.
Egerde gapjykda ýa-da sumkada
syrma kyn işleýän bolsa onda ony
şemiň bölejigi bilen sürtüň.
Eger gulpda açar agyrlyk bilen
aýlanýan bolsa onda ony şem ýa-
da sabyn bilen süpüriň.
Sirkäniň güýçli ergini (1 käsä 1
çemçe) aýnadaky tegmilleri
aýyrýar, altyn çaýylan agaç
çarçuwasyna öwüşgin berýär,
wannany, rakowinany, emally
pitini arassalamaga kömek
edýär.
Категория: Umumy gürrüňdeşlik | Goruldi: 685 | awtor: idealboy | Рейтинг: 5.0/1
jemi pikirler: 3
+1  
1 Yolkes   (02.12.2011 21:35) [Tema]
Sagbol maslahatlaň üçin.

0  
2 Bravo   (04.12.2011 13:01) [Tema]
minnetdar daýy. bärde ýöne nirelerde satylýarka ?

0  
3 Kaspersky   (05.12.2011 06:05) [Tema]
bah peydaly zatlar weli student adama köp zat tapdyrmazmyka dip gorkyan :) +

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0