Sişenbe, 17.06.2025, 19:17
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Noýabr » 05 » Hadyslarda gurban kesmek we Gurban baýramy barada
23:59
Hadyslarda gurban kesmek we Gurban baýramy barada

Pygamberimiz (s.a.w.) "Gurban kesiň, çünki gurban ataňyz Ibrahimiň sünnetidir”, "Haly -ýagdaýy ýerinde bolup-da (dini ölçeglere görä baý saýylyp-da), gurban kesmeýän kişi biziň namazgähimize, mesjidimize golaýlaşmasyn”, "Ynsan ogly Allah gatynda, gurban gününde gurban kesmekden has söýgüli iş eden däldir. Ol gurban, kyýamat gününde şahlary, derisi we dyrnaklary bilen geler. Gurban ganynyň Allah gatynda uly gadyry bardyr, gan akyp ýere düşmänkä, Allah gatynda beýik bir mertebä ulaşar. Gurbany tämiz we halys bir kalp bilen Allaha hödür ediň”, "Gurbanyňyzdan bir bölegini iýiň, bir bölegini sadaka beriň we bir bölegini-de ýygnap goýuň” ýaly hadyslary bilen baýramyň, gurbanyň we mätäçlere ýardam bermegiň ähmiýetini beýan edipdir.

 Gurbanlyklaryň kesilýän baýramyň birinji, ikinji we üçünji günlerine eýýam-y nahr (gurban günleri) diýilýär. Gurbanlygy hadysda ýewm-i nahr diýlip atlandyrylan birinji günde kesmek has ýerliklidir. Mukym (ýolagçy bolmadyk), musulman we dini ölçege görä baý hasaplanýan kişä gurban kesmeklik wajypdyr. Gurban kesmek işi baýram namazyndan soň başlanyp, baýramyň üçünji gününe çenli dowam edýär. Resulallahyň sünnetine görä gurban kesmeklik wajyp hem bolsa, (...Rabbiň üçin) gurban kes!” (Kewser 108/2) aýatyna görä Allahyň ryzasyny gazanmak niýeti bilen kesilmegi parzdyr. Çünki bu amalda hem esas bolan takwa bolup, aýatda "Ne olaryň etleri ulaşar Allaha, ne-de ganlary. Oňa ulaşjak ýeke zat, kalplaryňyzdaky takwadyr, Allah söýgüsidir. Ol, sizi dogry ýola çykarany üçin, Onuň beýikligini yglan etmegiňiz üçin bu haýwanlary size bagyş etdi... (Haj 22/37) buýrulýar. 

 Özüni tanamaga, özüniň ýaradylyş maksadyna göz ýetirmäge calyşýan we ynsany Allaha eltýän ýollaryň, amallaryyň gözleginde bolan müminler üç aýlar, baýramlar we beýleki mübärek gün we gijeler ýaly Allahyň razylygyny gazandyrjak belli wagtlary haýyrly amallaryy, ybadat-u tagatlary bilen bereketlendirip, ýürekden tobalary, yhlasly namazlary we ybadatlary bilen Hak gatynda beýgelendirler.... Arefe güni namazlyk arafatynda magfiret baýramlaryna ulaşyp, wyždan minalarynda nebs we şeýtanlary daşlap, 

ähli kirli duýgula­ry­ny gözýaş zemzemi bilen päkländirler.

Категория: Umumy gürrüňdeşlik | Goruldi: 1009 | awtor: mirasymyz | Рейтинг: 1.0/1
jemi pikirler: 3
+3  
1 Kaspersky   (06.11.2011 01:37) [Tema]
[size=7]Gurban bayramynyz gutly bolsun !!!! rose

+2  
2 mirasymyz   (06.11.2011 08:21) [Tema]
Howwa, bütin musulmanlar Gurban baýramy mübärek bolsun.

+1  
3 idealman   (06.11.2011 16:19) [Tema]
Gurbanlygyñyz kabul bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0