Salam gadyrly Ýolkesiň agzalary. Menem şu gün bir mowzuk açaýyn diýdim. Gynansagam açan mowzugym ýaş çatynjalarymyzyň arasynda, ene-atalary bilen ýüze çykýan kynçylyklardan basylyp, maşgala ojagyny ýumyrýanlar bilen baglyrak.
Bilmedim siz eşitdiňizmi, eşitmediňizmi, käbir ýaş juwanlar (oglan bilen gyz) halaşanlaryndan soň, iki tarapyň biriniň ene-atasy garyndaşlyk açmaga närazy bolup, durmuş gurmaklaryna garşy bolsa ýa-da gyzyny şol oglana bermeseler, gyz bilen oglan şeýleräk karara geläýýän ekenler. Ol nähili kararka diýip eýýäm yzyny okasyňyz gelen bolmagy hem ahmal. Biraz sabyr ediň häzir yzynam ýazjak.
Hä, kararda galypdyk. Olaň karary şeýleräk eken, oglan bilen gyz biri-birini alyp bilmejeklerine doly gözleri ýetensoň plan düzýän ekenler. Ol planam şeýleräk.
Gyz kimem bolsa birine (ene-atasynyň beren ýerine) gelin bolup barandan soň, adamsy bilen oňuşman, her-hili bahana tapyp aýrylyşyp gaýtmaly. Oglanam kimi alyp berseler şonuň nikasynam belli wagtdan soň pozmaly. Ine şeýdibem oglan bilen gyz iki sany adam ömründe inebir guwanylyp ýörülen maşgalany bozup täzeden "süýji durmuşa" başlaýalar. Yzyna gelen gyzlaryny kime ýerleseler razy bolan ene-atada, mundan soň öňki oglanyň muny almagyna närazy bolubam durmaýan eken. Heý dünýe,dünýe. Gulak eşidenini göz görmesin diýilýänid-ä. Ody özüňe bas, ötmese kesekä.
Bilmedim bu mowzukda ýumrulan maşgala ojaklaryna SIZ garşymy ýa garşy däl. Her hili adam bar. Şükür bagşy kinofilmde şeýleräk bir söz aýdylyp geçilýär. "Dünýede näçe sany adam bar bolsa, şonçada filosofiýa bar"
Milletiň ömrüniň dowamlylygy we bakylygy, ýetişdiren nesillerine baglydyr. Milli duýgulary we milli ruhy kämil nesillere... Milletler özleriniň dowamaty üçin ajaýyp nesil ýetişdirmedik bolsalar, geljekleri tüm garaňkylykdyr. Şübhesiz, nesil terbiýesinde iň möhüm wezipe ene-atalara, maşgala ojagyna düşýär.
Maşgala – jemgyýetiň iň esasy sütünleriniň biri. Bu sütün näçe mäkäm bolsa, mil¬let we döwlet hem şonça sars¬maz bolar. Şonuň üçin milletiň we döwletiň bu esasy sütünine juda ähmiýet bermeli. Eger-de bu mesele babatda ha¬ýal-ýagallyga ýol berilse, bu tutuş milletiň ykbalyna biparh garaldygy bolar. Ýeri gelende, milli ahlak we adamkärçilik, ruhy-ynanç esaslarymyzy göz öňünde tutmazdan gurlan maş¬galalaryň milletiň bitewi ruhuna ýara salyp biljekdigini-de ýatdan çykarmaly däldiris.
Hawa, haram keýpi-sapa, ahlak bozuklygy ýaly çüýrük esaslar üstünde bina edilen maksatsyz ojak, milletiň geljegine ýagty saçyp bilmez. Şeýle ýagdaý milleti ruhy göýdüklige sezewar eder. Şeýle ojakdan diňe köçe ykmandalary ýetişer. Gelniň hem-de öýlenýän ýigidiň kalbynda Allaha iman ýok bolsa, onda olardan önjek çagadan hem aň-düşünjelilige, akylly-başlylyga garaşmak kyndyr.
[b][b]nirden geldi bize $eýle pikir.ahlak hapalygy.göýdük dü$ünjeler...TÜRKMEN nire,bular nire.eý Dogan...adam öldirmek ýaly geñ,erbet zat hasaplanar eken bir vagtlar ilimde ma$galasyna "talak"bermek... barmagny di$läp duran utanjañ gyzlarmyz.namys üçin gylyc gemren.janyn beren ýigitlermiz...bu gün gör,nähili pes derejede pikirlenýä.dinden imandan.millilikden TÜRKMENÇILIKDEN ätletjek.ätletýän,söýgümi?bir duýga çal$yljak zatlarmy bular.nika oýunmy?... BIZ bu güniñ eýesi.sen men.yok diýme.erkimiz ýok diýme.señ erkiñ bara agentda gyzlary aldamazlyga.señ hakyñ bara mobimetde surat dørip oturmazlyga.köcede deg$en bolup hapa sögünmäge derek.milletime ysnat getirip ýörene."ýola gel"diýmäge güýjiñ ýokmy?kän señ güýjiñ.men itni$ikde galta$yp gitsemä yrsararsyñ?! ...bir gyz "söýü$ýänim"diýip formlarda "söýgi taryhyny beýan edip ýörse".bir ýigit "ikinjim,üçünjim" diýip övünip ýörse.öz ene dilinden utansa.dinini tutmasa...millet nirä barar!!!???...