Çarşenbe, 18.06.2025, 05:15
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Dekabr » 02 » Konfusiy we onuñ aydanlary.
14:36
Konfusiy we onuñ aydanlary.
Hytaý akyldary Konfusiý (hytaý di­
linde Kon-Fu-Si, latyn lilinde Con­
fucius) miladydan öňki 551-479-
njy ýyllarda ýaşap geçýär.
Çagaka ýetim galan geljekki meş­
hur filosof ejesiniň elinde terbiýe­
lenýär we atasyndan ylym öwren­
ýär. Ömrüniň ahyryna çenli Lu (hä­
zirki Şan Dong welaýaty) şalygyn­
da ýaşap geçýär. Ýaşlygynda emel­
dar bolup işlän Konfusiý, geljekde
Hytaýyň ylmy taýdan ösmekligi
üçin öz saldamly goşandyny goş­
ýar. Konfusiniň düşünjeleri "Söh­
betler we garaýyşlar” diýen kitap­
da beýan edilýär. Kitap akyldaryň
şägirtleri we onuň yzyny eýerijiler
bilen eden söhbetlerini we aýdan
gürrüňlerini öz içine alýar we bu
kitap hytaý nusgawy edebiýaty­
nyň iň meşhur 13 eseriniň biri ha­
saplanýar. Konfusiniň taglymatyn­
da ynsanperwerlik möhüm dü­
şünje bolup, ol adamlaryň öz ata-
babalaryna, ýaş we dereje taýyn­
dan özünden ululara hormat goý­
mak, hökümdara wepadarlyk ýaly
ahlak ýörelgelerine esaslanýan eti­
kileriň we sosial garaýyşlaryň je­
midir.
Konfusiançylyk agalyk ediji tagly­
mat hökmünde ykrar edilen ma­
haly filosofyň özi hem "10 müň
nesliň” mugallymy diýlip yglan
edilýär. Akyldaryň taglymaty hytaý
ýaşaýyş terziniň esasyna öwrül­
meklik bilen hytaý siwilizasiýasy­
nyň köp babatda ösen keşbe eýe
bolmagyna getirýär.

Konfusiniň pähimleri
* Näme gözleýändigini bilmeýän
adam, tapanynda-da, onuň näme­
digine düşünmez.
* Ähli zadyň gözelligi bardyr, ýö­
ne, muny her kim görüp bilýän
däldir.
* Garaňka nägile bolma-da, birje
şem ýak!
* Gapyňyzyň öňüni arassalaman,
goňşyňyzyň üçegindäki gara şika­
ýat etmäň!
* Oýlanman öwrenmek peýdasyz­
dyr, öwrenmän oýlanmak howp­
ludyr.
* Alkyşy sessiz-üýnsüz kabul
eden adam, alkyşa laýyk adamdyr.
* Bir adam ýalňyşlyklaryny bili­
bem düzetmeýän bolsa, diýmek,
olara öwrenişendir.
* Beýik adam özüne akyl ýetirjek
bolar, pes adam özgelere.
* Bilmek adamy şübheden, ýagşy­
lyk yzadan, kesgitlilik gorkudan
halas eder.
* Sypjyrylan almaz sypjyrylmadyk
daşdan has gowudyr.
* Gowy adam owadan gürleýän
adam däl-de, aýdýanyny amal ed­
ýän ýa-da amal edip biljegini aýd­
ýan adamdyr.
Категория: Edebiýat | Goruldi: 1662 | awtor: idealboy | Рейтинг: 0.0/0
jemi pikirler: 3
+1  
1 mirasymyz   (02.12.2011 15:29) [Tema]
* Gowy adam owadan gürleýän
adam däl-de, aýdýanyny amal ed
ýän ýa-da amal edip biljegini aýd
ýan adamdyr.


Tüýs bize degişli söz eken.

0  
2 TÜRKMENTUG   (09.12.2011 19:16) [Tema]
sag bol idealboy.gowy maglumatlar.dana sözler.
Miras agañ aýdy$y ýaly,bize degi$li ýerem bar eken.(hemmesem degi$li ýaly.)

0  
3 1merdan   (11.12.2011 16:02) [Tema]
* Gowy adam owadan gürleýän
adam däl-de, aýdýanyny amal ed
ýän ýa-da amal edip biljegini aýd
ýan adamdyr.
Maňa degişli ekeneý

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0