Sişenbe, 17.06.2025, 20:09
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Noýabr » 07 » Maśgala-Bagty
09:55
Maśgala-Bagty
Maśgala bagty üçin altyn kanunlar.

är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler. uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar. 

tejribeleri netijesinde alymlaryň we psihologlaryň maşgalalaryň batgly durmuşa eýe bolmagy üçin belläp geçen käbir çärelerine göz gezdireliň:

1- Gysga aýralyklar maşgala bagyny güýçlendirip biler. uzyn aýralyklar bolsa, maşgala üçin ýykylyşa sebäp bolup biler, şol sebäpli, uzyn wagtlygyna aýralyklardan uzak durmak has amatly;
2- Şadyÿan durmuş üçin her iki tarap bir-birlerini ruhy we pikir taýdan örän oňat bilmeli, duýgy, ynanç, ahlak we häsiýetleri taýdan çuňňur tanamalydyr. diňe şeýle ýagdaýda maşgalany bozup biljek säwliklerden goranyp bileris;
3-Hiçbir özara düşünişmezligiň uzyn dowam etmegine rugsat bermeli däl . iň gysga wagtda hoşamaýlyk bilen meseläni çözmeli we taraplar ylalaşmalydyr;
4- Öñki sözlüsi ýa-da ýanýoldaşy-bulardan haýsydyr biri bolsun, tapawudy ýok, olar bilen bolan tejribedir wakalardan hiç-hili söz etmeli däl;
5- Aşa idealist (özdiýenli, hakykatçyl, gözi beýiklerde we ş.m.) bolmaly däl, adaty ýaşamaly we ýoldaşyňdan mugjyzalara (adatdan daşary başarnyk we ýagdaýlar) garaşmaly däl;
6-Är-aÿal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler;
7-  Gynanja boýun egmezlige gaýrat etmeli, durmuşa hemişe umyt bilen seredip, güler yüzli boluň;
8- Uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar;
9- Özara başlan gohdur galmagaly ilki bada çykanja ýerinde we sebäbinde saklamaga çalyşmaly, şol mowzuga öňden galan başga-da meseleleri goşup, ýagdaýy has hem giňişletmäň! düşünişmezligi öz elinizde(kontrol) tutuň, çyzykdan çykmagyna rugsat bermäň;
10- Ÿersiz we çeşme taýdan takyk bolmadyk gysgançlyk, gaýgy we şübheleriň ýykyjy täsirleri bardyr, zannyňa(çak) we aýdylanlara(gyýbat) görä hereket etmäň;
11- ýanýoldaşyňa hem özüňe, hem-de özüne guwanmagyny ünde. oňa guwanýanlygyny görkez;
12- bagtly bolmak üçin, oňat biri bilen durmuş gurmagyň ýeterlik däldir, özüňiziň hem mynasyp ýanýoldaş bolmagyňyz gereklidir;
13- tämizlik imanyň ýarysy we mydamalyk söýginiň iň gerekli şetlerinden biridir;
14- durmuşdaky ýoldaşyň bilen bagtly bir durmuş yaşamak üçin, özüňden bir parça halyna gelen käbir endikleriňizden yüz öwürmeli bolup bilersiňiz;
15- öz göwnüň üçin isleýan oňat zatlaryňy ýoldaşyň üçin hem isle, özüň üçin edýän aladalaryňy onuň üçin hem et;
16- almagy bilşiň ýaly, bermegi hem bil. hemişe öz bereniňden köp mukdarda ýa-da hiç-hili bermän almaga synanyşmaň, özdiýenli(egoist) bolmaň;
17- Her erkek öz aýalynyň hemme ýagdaýlarda öz elinden geleniniň iň oňadyny eden, gyzgyn söýgüsi we hoşamaýlygy bilen özüni razy eden ideal(iň oňat) ýanýoldaş bolmagyny islär; her bir zenan maşgala-da öz äriniň doly ýýagdaýda ynamdar we güýçli häsiýetlere eýe, her-hili mätäçliklerine razy etjek ýagdaýda çäreler tapan biri bolmagyny islär. her iki tarap hem bu iň oňat ýagdaýa görä hereket etmek üçin gaýrat görkezmelidirler;
19- diňe bugüniňizi ýaşaň, geçen günlerde bolan gynançly wakalary we entäk gelmedik geljekki gaýgylary bugüne getirmäň! mümkinçilikleriň serhedini geçmän ýaşajak boluň;
20- nika kanunynyň örän mukaddes bir bag we allaha berlen bir sözdügini bil! bu babatda geljekde puşman etjek bir ädimi ätmäkaňiz müň gezek pikir ediň! 
21- maşgala ýagdaýy üçin yşk we söýgi möhüm bomak bilen birlikde, maşgalanyň diňe bu ýagdaý bilen aýakda galjagyny pikir etmäň! ryzyk, terbiýe, ynanç, ynam, her-hili goldaw we ş.m. başga-da birnäçe ýagdaýlaryň hem wajyplygyny ýatdan çykarmaň;
22- ýanýoldaşyňyza hemişe görelde boljak häsiýetleri görkeziň, oňat adamkärçiligiňizi diňe bir diliň bilen däl, eýsem-de bolsa, özüňizi alyp barşyňyz bilen hem görkeziň;
23- biderek ýere goňşydyr garyndaşlaryňyzyň araňyza girmeklerine pursat we rugsat bermäň, mümkin boldugysaýyn, maşgala içindäki hoş bolmadyk ýagdaýlary öz araňyzda çözüň;
24- ýanýoldaşynyzda säwlik hökmünde görýän käbir zatlaryňyzy derrew düzetmäge synanyşmaň, üýtgemegi üçin belli bir wagta mätäç bolunýan häsiýetler bolup biler. kiçijek säwlikleri bolsa ulaltmaň;
25- maşgala jogapkärçiliklerini we yüküni göwün hoşlugy bilen kabul ediň we doly ynanç bilen öz üstüňize alyň;
26- özara düşünişmezlik we goh-galmagaldan mümkin boldugyça uzak duruň;
27- geljekde örän şat ýatlamalara we öz araňyzdaky bagyň has güýçlenmegine sebäp boljagy üçin, ýanýoldaşynyz bilen bile işler etmäge wagt aýryň;
28- ýanýoldaşynyza özüni iň oňat ýagdaýýda beýan etme we dürli oňat ukyplaryny ösdürme pursadyny beriň! hiç bir wagt oňa ýaňsylaýjy sözler aýtmaň; 

zenan maşgalalara degişli ýagdaýlar:

gurhanda:”ýatladyň! ýatlatmak mömine peýda berer!” (zariýat, 51/55) diýilýär. 

29- maddy ýagdaý boýunça hormat goýulmaly we bu asla unudylmaly däl, sebäbi düşünişmezlikleriň esasy sebäplerinden biri hem şu ýagdaý;
30- mümkin bolsa daşky kynçylyklardyr gaýgyňyza ýanýoldaşynyzy goşmaň, özüňiz çäre tapmaga çalyşyň, yöne begençleriňizi onuň bilen paýlaşmagy hijem ýatdan çykarmaň;
31- maslahatlaşmak maşgala durmuşynda möhüm esasdyr. her iki tarap hem maşgala durmuşynda özüni jogapkär hasaplap, bu babatda özüniň bir kenara taşlananlygy ýaly pikirdir ýagdaýlardan uzak durmaly;
32- maşgala durmuşynda bagtly bolmak diýmek, öýde hiç-hili kyn ýýagdaýlar bilen yüzbe-yüz bolmazlyk däl, eýsem-de bolsa, duş gelen kynçylyklaryň hötdesinden gelmek, düşünişmezlikleri çykan ýerinde çäkli tutup bilmek we ýanýoldaşyňyz bilen bagyňyza erbet täsir etmegine pursat bermezligie baglydyr;
33- kynçylyklardan gaçmak, aýratynam, öýi terketmek hiç-hili çäre däl! iň amatlysy dury bir huş bilen pikirlenip, kynçylygyň çözgüdine derrew başlaň;
34- düşünişmezlik çykanda, ýanýoldaşyňyzyň oňat taraplaryny we gözel ahlagyny hem ýatlamaga synanyşyň, halamaýan taraplaryň onuň ähli oňat häsiýetlerini örtmegine pursat bermäň; 
35- "gylyç ýarasy geçer, ýöne dil ýarasy geçmez!” maşgala taýdan düşünişmezlik çykannda, ynjydýan sözlerden gaça duruň, ýogsam kiçijek bir mesele sebäpli, ýanýoldaşyňyzyň söýgi we höwesini dolulygyna ýitirip bilersiňiz;
36- "namysym”, "güýjim” ýaly sözler şeýtanyň köplenç duzak hökmünde ulanýan sözleridir. düşünişmezlik çykan ýagdaýynda, şeýtan bulary ulanyp, öz ýalňyşyňyzy gowy görkezer we ýaraşma ýoluny ýapmaga synanyşar, şol sebapli-de şol ýagday we sözlerden uzak duruň;
37- çagalaryňyzyň ýanynda ýanýoldaşyňyzyň bilen özara düşünişmezliklerden we sesiňizi beýgeltmekden uzak duruň, sebäbi çagalar terbiýe taýdan öz ene-atalaryny görelde alyp ulalarlar. şeýle erbet ýagdaýlar geljekde çagalaryňyzyň hem ulanyp biljegi çäre halyna geler we erbet täsirini görkezer;
38- zenan maşgala ýanýoldaşynyň goş birikdirmage örän amatly biridigin, onuň üçin guwanç duýýanlygyny bildirmeli;
39- özara sowgat alyň, çünki söýginiziň artmagyna sebäp bolar. şatlyga we bagta sebäp boljak bu ýagdaýy adat halyna getiriň;
40- akylly zenan maşgala, gerek özi üçin, gerek bolsa-da çagalary üçin gerekli ätiýaçdyr isleglerini bildirmek hem-de ýanýoldaşynda bar bolan erbet häsiýetdir ýagdaýlary düzetmek üçin iň oňat pursat we iň oňaýly wagta garaşar. kämahal oňaýlydyr öýden wagtyňyz, aslynda, bolman biler. oňat pikirlenilmelidir;
41- özüňize degişli bolmadyk meselelerde ýanýoldaşyňyza sorag sorap bizar etmäň! size açmak islemeýän syrlaryny erjellik bilen öwrenjek bolmaň;
42- öýde bir gyra çekilip, ýeke özüňiz oturmagy endik halyna getirmäň! mümkin boldugyça ýoldaşyňyz bilen hemdem boluň, gepleşiň;
43- işleýän bir zenan esasy jogapkärçilikli wezipesiniň öz öýüligini ýatdan çykarmaly däldir. öýüniň we iş ýeriniň işlerini bir-birinden aýry tutmalydygy bilinmelidir;
44- ýanýoldaşynyň garyndaşlary gezmäge gelende, hoşnut dälligini görkezmeli däl, tersine olary örän oňat garşy alyp, oňat myhmandarlyk etmekde säwlik görkezilmeli däldir;
45- aýratyn ýagdaýda gaýyn eneňe hormat ediň, oňa maşgala däp-dessurlaryna görä iň oňat ýagdaýda ýüzleniň! onuň bilen düşünişmezlige girmäň! geljekde öz gelniňiziň size özüni nähili alyp barmagyny isleýän bolsaňyz, onda oňa-da özüňizi şeýle alyp baryň;
46- pygamberimiz goňşy hakyna:”özi dok bolup, goňşusy aç bolan bizden däldir!” diýmek bilen örän ähmiýet beripdi. goňşularyňyza kömek etmek, begenç we gynançlaryna goşulmak, olara özüňizi gowy alyp barmak dinimiziň buýrugydyr;
47- hemişe pikir aýralygy wagtyň geçmegi bilen köňül aýraalygyna sebäp bolup biler, şol sebäpli, kämahal razylaşmasaňyz hem ýanýoldaşyňyzyň pikirlerine goşulyň, elbetde, edilen iş allaha garşy gelýän hilden bolmazlyk şerti bilen;
48- öýde ýanýoldaşyňyzyň mätäç bolan ümsümlik ýagdaýyny çagalaryňyzy zehinlerini ösdüriji oýunjaklar bilen güýmäp, kömek edip bilersiňiz;
49- çagalar bu dünyäde allanyň ynsanlara beren iň uly nygmatlaryndan biridir. olara üns bermän, oňat terbiýe etmän ya-da haysydyr bir başga zada has köp ähmiýet berip, olar üçin az alada etmek bilen bu nygmaty özüňiz üçin azap halyna getirmäň;
50- çagalar seretmek we olary terbiýe etmek babatda gerekli we ýeterlik sagdyn hem-de takyk bilimdir maglumatlara eýe bolmaly, şeýlelik bilen olara nirede we haçan näme etmelidigiňizi oňat bilersiňiz. munyň netijesinde bolsa, hem ruhy hem-de beden taýdan örän sagdyn çagalar ýetişerler;
51- ahyret işlerinde her iki tarap bir-birine kömek etmelidir. dünýäni isleýşiňiz we oňa ähmiýet berişiňiz ýaly, ahyreti-de isläp, oňa gerekli bolan ähmiýeti görkeziň;
52- pul sowmaklykda isrip maşgala bagtynyň bozulmagyna sebäp bolar. allanyň nygmatyny ýok eder. allah isrip edenleri söýmez. bu babatda seresap we tygşytly boluň, şeýlelik bilen garyplyk ýüzi hem görmersiňiz;
53- oňat niýet we duýgydaşlyk bahanasy bilen hem bolsa, tanyşlaryňyzyň siziň hususy durmuşyňyza goşulmagyna rugsat bermäň;
54-  Öÿnüziñ syrlaryny ne dostuňlaryza, ne-de garyndaşlaryňyza aÿtmañ.!
Категория: Umumy gürrüňdeşlik | Goruldi: 1018 | awtor: Turkmenkyzy | Рейтинг: 4.7/3
jemi pikirler: 7
+1  
1 Turkmenkyzy   (07.11.2011 11:09) [Tema]
Şu temany talyplar.comda Ata agzanyñ ÿazan temasydyr! Menem ÿöne size ÿetirÿän!!!

+3  
2 ependi   (07.11.2011 14:39) [Tema]
kanday bu gysgarak yokmy 3

+1  
3 Turkmenkyzy   (07.11.2011 15:13) [Tema]
Ependi ozuñe geregini alaÿ śonuñ ucin kän yazdym ici den geregini saylap alsynlar diÿip!!![r]

+2  
4 Yolkes   (07.11.2011 19:19) [Tema]
Sagbol Turkmenkyzy, eliň gözüň dert görmesin.

+1  
5 Merkez   (08.11.2011 01:39) [Tema]
Turkmenkyzy biz bilen paylashanyn u.n sag bol.

+1  
6 Merkez   (09.11.2011 01:02) [Tema]
Oylandyryjy yazgy :)

+1  
7 TÜRKMENTUG   (13.11.2011 08:50) [Tema]
21- maşgala ýagdaýy üçin yşk we söýgi möhüm bomak bilen birlikde,maşgalanyň diňe bu ýagdaý bilen aýakda galjagyny pikir etmäñ ryzyk, terbiýe, ynanç, ynam, her-hili goldaw we ş.m. başga-da birnäçe ýagdaýlaryň hem wajyplygyny ýatdan çykarmaň;

dogry aýdypdyr!!!

6-är-aÿal söýgilerini her sebäp
bilen hemişe bir-birlerine
bildirmelidirler;
38- zenan maşgala ýanýoldaşynyň
goş birikdirmage örän amatly
biridigin, onuň üçin guwanç
duýýanlygyny bildirmeli.
15- öz göwnüň üçin isleýan oňat
zatlaryňy ýoldaşyň üçin hem isle,
özüň üçin edýän aladalaryňy onuň üçin hem et; 11- ýanýoldaşyňa hem özüňe,hem-de özüne guwanmagyny ünde. oňa
guwanýanlygyny görkez;

...bular gaty meñze$ eken.bir
belgäde sygdyryp bordumyka
diýýän...

3-hiçbir özara düşünişmezligiň uzyn dowam etmegine rugsat bermeli däl.iň gysga wagtda hoşamaýlyk bilenmeseläni çözmeli we taraplar ylalaşmalydyr;
4- öñki sözlüsi ýa-da ýanýoldaşy-
bulardan haýsydyr biri bolsun,
tapawudy ýok, olar bilen bolan
tejribedir wakalardan hiç-hili söz
etmeli däl;
5- aşa idealist (özdiýenli,
hakykatçyl, gözi beýiklerde we
ş.m.) bolmaly däl,
adaty ýaşamaly we ýoldaşyňdan
mugjyzalara (adatdan daşary
başarnyk we ýagdaýlar) garaşmaly
däl;

...bularam gaty meñze$.4-5e 3-nji
belgi jogap ýaly... umuman...erbet zat aýdylmadyk.govy bolmaly.her
kimem govy adam boljak,bolup
bolsa.bu diýlenleri etseñ govy
adam,govy,bagtly ma$galaha
bolup bor...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0