Sişenbe, 17.06.2025, 18:41
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Noýabr » 12 » Nakyl
13:09
Nakyl
Her gijäni Gadyr bil, her göreniň Hydyr bil diýlen nakylyň manysy näme aňladýarka, giňişleýin düşündirseňiz. Öz düşünşim hem bar welin siziňkini hem biläýsem diýdim.
Категория: Umumy gürrüňdeşlik | Goruldi: 628 | awtor: mirasymyz | Рейтинг: 1.5/2
jemi pikirler: 6
+1  
1 TÜRKMENTUG   (12.11.2011 15:41) [Tema]
[bömrüñ her güni gadyrly.gadyr gije bolmadyk gijelerem gymmatly.olaram ybadatda,ýag$y dileg ve i$lerde gecir...
...her bir gören adamyñam edil Hydyr gören ýaly gar$ylap.hormat ve sylag görkez,çûnki beýleki adamlaram ALLAH yaratdy.olaram gadyr,gymmatly...diýýälerä,-"sen ýer ýüzündäkilere(adamlara)merhemetli bolsañ,Ar$ ýüzündäkiler saña merhemetli bolarlar!...

$una meñze$ dü$ünýän menä.entägem kän zat ýazjakdym veli,i$dedä $u vagt men...]

+1  
2 mirasymyz   (12.11.2011 15:44) [Tema]
Sagbol TURKMENTUG aga, menem şu wagt işde. Öýe barsam menem ýene öz pikirimi ýazaryn.

+1  
3 mirasymyz   (13.11.2011 21:00) [Tema]
Aslynda şunuň ýalyrak bir dilden-dile geçip ýören rowaýat bar.
Bir adam "men çöle çykyp Hydyr atany gözlejek we suw berip öz isleglerimi aýtjak" diýip çöle baka ýola rowana bolýar. Çöle çykanda-da öňünden bir ýaşuly suwsuz haly bilen Hydyr atany gözläp ýören bu adamdan suw soraýar. Hydyr atany gözläp çöle çykanam şeýle diýýär - Men suwy Hydyr ata üçin getirdim, suwymy hem şoňa berjek - diýýär.
Bu ýaşuly hem oňa - Oglum suwsana suw bermeseň, çölde Hydyr neýlesin - diýip guşa öwrülip uçup gidýär.
Bu görgülem şondan soň bilip galýar, ýaňky ýaşulyň Hydyr atadygyny.
Türkmen agada şunuň ýaly hereketler üçin düzdimik-ä diýýän bu nakyly "HER GÖRENIŇ HYDYR BIL, HER GIJÄNI GADYR BIL" diýip.

+1  
4 Kaspersky   (14.11.2011 00:41) [Tema]
ylalashyan miras aga!

0  
5 TÜRKMENTUG   (14.11.2011 02:24) [Tema]
$o adama gije du$updyr díýlen ýerem barmy.rovaýatda?

+1  
6 vipboy   (14.11.2011 05:58) [Tema]
Sagja bolun yene sholar yaly rowayat barmy Myras aga

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0