Sişenbe, 17.06.2025, 18:51
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Noýabr » 17 » SÖZÜM BAR (Wagy:z) Magtymguly-Pyragy.
23:31
SÖZÜM BAR (Wagy:z) Magtymguly-Pyragy.
Gulak salyň gardaşlar,
Bir ajaýyp sözüm bar.
Ne ezmaýyş eýleýir,
Dostlaryna perwerdigär.

Jahan işidir jepa,
Kim gördi andan wepa,
Hakyň dosty Mustafa
Galmamyş bu rozygär.

Pygamber ýok yzyndan,
Nur döküler ýüzünden.
Älem onuň sözünden
Tapdy nyzamy-karar.

Eý, din isteýen dustan,
bolma maldan meý-mestan,
Aýdaýyn bir hoş destan
Eger bolsaň hyrydar.

Ses düşgeç zeminlerge,
Ýel ýok boldy dinlerge,
Mesjitde müminlerge
Wagyz aýdardy pygamber.
Категория: Edebiýat | Goruldi: 714 | awtor: mirasymyz | Рейтинг: 0.0/0
jemi pikirler: 6
+1  
1 mirasymyz   (17.11.2011 23:34) [Tema]
hormatly agzalar bu kyssaň yzy hem bardyr, özem gaty gyzykly hekaýat. Nesip bolsa dowamynam ýetirerin. 100-e golaý bent bolansoň, her gün az-owlakdan ýetirip duraryn.

+1  
2 Kaspersky   (18.11.2011 00:06) [Tema]
sagbol Yazgeldi goshgyn u.n!

+1  
3 TÜRKMENTUG   (18.11.2011 11:43) [Tema]
sag bol Miras aga.dowamyna gara$ýas...

0  
4 vipboy   (18.11.2011 18:38) [Tema]
ozam sabyrszizlyk bilen miras aga

0  
5 ependi   (18.11.2011 19:19) [Tema]
ura

0  
6 mirasymyz   (19.11.2011 00:33) [Tema]
Resul münberge galmyş,
Üç müň, üç ýüz ýygylmyş,
Jumga üçin jem olmuş
Sahabalar - näki bar.

Ýaranlar haýran wala,
Söz ýetişdi bu hala,
Hak üçin berlen mala,
Her birine on taýýar.

Diýdi: Aly - "Baraýyn,
Ne bar eken göreýin,
Allah üçin bereýin
Azu-köp her ne kim bar"

geldi diýdi: "Ýa Zähre,
Köňlüň uýdurma gahra,
Berip alaýyn bähre
ger teňňe bolsa taýýar"

Patma diýr: "Bolsa dirhem,
Barsam tagama bersem,
Bu iki nury didäm,
Gün ýarym açdyr, aglar"

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0