Çarşenbe, 18.06.2025, 02:53
Salam Myhman | Topar "Myhmanlar"Hos geldiniz Myhman | RSS

Ýol kes

on line music
Hoş geldiňiz
Menyu
Bölümler
Mini çat
200

Ýol kes

Esasy sahypa » 2011 » Noýabr » 07 » Ýaponiýa syýahat :-)
01:28
Ýaponiýa syýahat :-)
Ýaponiýa Gündogar Aziýada ýerleşýän
ada döwleti hasaplanýar. Tutýan meý­
 dany 372,2 müň inedördül kiloametre ba­ 
rabar Ýaponiýada 127 million adam ýa­
şaýar. Ýurduň paýtagty Tokio şäheridir. Mun­
dan başga-da, Iokogama, Osaka, Nago­
ýa, Kobe, Kioto we Kawasaki ýaly uly şä­
herleri bar. Ýaponiýa senagat taýdan
ösen ýurt. Maşyngurluşyk, elektronika, metallurgiýa, azyk we himiýa senagaty, şol sanda maliýe we söwda infrastrukturasy has ösendir. Ýapon kino sungaty: Ýapon kino sungatynyň geçmişi kinonyň oýlap tapylan
ýyllaryna gabat gelýär. XIX asyryň ahyrlaryna kino sungaty bilen tanşan ýaponlar soň-soňlar dünýä kino sungatynda
uly orny eýelediler. 1897-nji ýylda ilkin­ ji ýapon filmi Tokioda görkezilip, iki ýylsoň "Geisha no teodori” atly ilkinji ýa­
pon dokumental filmi muşdaklaryň dykgatyna ýetirildi. 1900-nji ýyllarda surata düşürilen ilkinji ýapon filmleri ýerli
halkyň gadymy milli teatr sungaty bolan "kabukiniň” täsiri bilen ekranlaşdyrylýar. Şol ýyllarda ýurtda birnäçe kinoteatrlar kinostudiýalar kinokompaniýalar emele gelip başlaýar. Häzirki wagtdaýapon kino sungaty Ýewropa we Amerikada geçýän dürli kinofestiwallarda ýo­ kary derejeli baýraklara mynasyp bolýarlar. Kimono: Ýapon medeniýetinde geýim-
gejimleriňem aýratyn ýeri bolup, "kimono” olaryň iň meşhur milli geýimidir. "Kimono” "geýilýän eşik” diýen manyny aňladýar. Häzirki wagtda baýramçylyklarda, uly dabaralarda geýilýän bu geýim tutuş endamy ýapýar we bile guşalýan uly guşak ("obi” diýlip atlandyrylýar) bilen geýilýär. Dürli reňklerde bolup erkekler üçinem, zenanlar üçinem aýratyn görnüşleri bardyr.
Çaý dabarasy: Ýaponlaryň durmuşynda çaý içmegiň aýratyn uly orny bolup, ol
bu ýurduň medeni baýlyklarynyň biri hasaplanýar. "Japanese Tea Ceremony” ("Ýapon çaý dabarasy”) diýlen bu
dabara ýapon dilinde "çanoýu” (çaýyň gyzgyn suwy) ýa-da "sado” (çaý ýoly) diýilýär. Bu dabaranyň esasy öý eýeleriniň gelen myhmanlara çaý bermegidir. Emma wagtyň geçmegi bilen bu çaý hödür-keremi dabara öwrülip gidipdir. Çaý
dabarasyna taýýarlanmak diýmek, ota­ gyň bezeglerine, öýüň howlusyna esawan etmegi, gülzarlyk bilen işleşmegi, dekorasiýa we keramikadan baş alyp
çykmagy hem-de käbir dini hatlar ýazuwlaryny ýazmagy öwrenmek diýmekdir.
Ylym-bilimi: Dünýä döwletleriniň arasynda ykdysadyýet boýunça ikinji ýerde durýan, dünýäniň has ösen döwletleriniň (G8 ýa-da Uly sekizlik) biri bolan
Ýaponiýa ylym-bilim, tehnologiýanyň
täze gazananlary babatynda hem ilkinjileriň hatarynda durýar. Onuň döwrebap bilim ulgamy 1872-nji ýylda Bilim hakyndaky buýruga görä esaslandyryldy. Bilim hakyndaky esasy Kanun bolsa1947-nji ýylda kabul edildi. Ylym-bilim babatynda kämilleşen we innowasion täzelikleriň ojagy hasaplanýan Ýaponiýa şu günlere çenli bilimiň ösmegi ugrunda birnäçe ädimleri ätdi.
Çagalar bagy, başlangyç mekdepler, orta mekdepler, kolležler hemde uniwer­ sitetler ilkibaşlarda döwlete degişli bolupdy. Bilim ulgamynyň kämilleşmegi
bilen birnäçe hususy bilim ojaklary hem açylýar. Şu günlerde Ýaponiýanyň başlangyç mekdepleriniň 95 göterimi döwlete degişlidir. Ýurduň bilim ulgamynda hususy bilim ojaklaram aýratyn orna
eýedir. Ýurtdaky orta mekdepleriň 24 göteriminiň,uniwersitetdir kolležleriň
bolsa 73 göteriminiň hususy bolmagy muny has-da aýdyňlaşdyrýar. Bilim ulgamyna görä, başlangyç mekdep alty ýyldan, orta mekdep alty ýyldan, uniwersitet bolsa dört ýyldan ybaratdyr. Tehnologiýanyň mekany: Ýaponiýa dünýä tehnologiýasynyň merkezi hasaplanýar. Bu ýurt kompýuter, uçargurluşygy telekommunikasiýa, robot gurluşygy ýaly dürli ugurlarda öňdebaryjylyga eýedir. Olar özleriniň ýokary derejelere ýetmeginiň düýp sebäbini ýokary okuw jaýlarydyr hökümetleriniň aladasy
hem-de hususy eýeçilik sektory bilen baglanyşdyrýarlar.
Sporty: Ýaponiýadaky iň ýörgünli sportlar beýsboll, futbol, sumo, golf, boks,
motor bäsleşikleri, puroresu, karate, aiki­
do dzýu-do hasaplanýar. Aýratynam motor sportlary bolan "Moto GP”, "Formula 1” bäsleşiklerinde ýapon toparlary yzygiderli çykyş edýärler we bu ýaryşlary öz ýurtlarynda gurnaýarlar. Ýurduň
beýsbol, golf hem-de futbol toparlary
häzirki wagtda şowly çykyş edýärler.
Категория: Umumy gürrüňdeşlik | Goruldi: 810 | awtor: Kaspersky | Рейтинг: 5.0/2
jemi pikirler: 2
+1  
1 ependi   (07.11.2011 02:17) [Tema]
sagbol bet :)

0  
2 Yolkes   (07.11.2011 19:44) [Tema]
Sagbol dost.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Iceri gir ]
Soňky goşulan temalar
Bu gün täze tema goşulmady!
Maglumatlar

Jemi agzalar 1
Myhmanlar 1
Online agzalar 0